Prezident Erdogan, ABŞ-ny Tankyt Etdi

Prezident Erdogan, ABŞ-ny Tankyt Etdi

Prezident R. T. Erdogan, paýtagt Ankarada saparda bolan Awstriýanyň Premýer-ministri Karl Nehammer bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Ýakyn Gündogarda 7-nji oktýabrdan bäri dowam edýän dartgynlyk hakynda durup geçen Erdogan, sebitde ýetilen sepgitde ABŞ-nyň alyp barýan tutumyny tankyt etdi.

ABŞ-nyň sebite USS Gerald R. Ford uçar gämisini ugratmagy barada durup geçen Erdogan, “Amerikanyň uçar gämisiniň Ysraýylda näme işi bar? Uçar gämisi näme üçin gelýär? Uçar gämisi gämileri we uçar gämisindäki uçarlary bilen eýsem näme eder? Gazany, daş-töweregini nyşana alyp uly gyrynçylyk eder”diýip belledi.

Prezident Erdogan “Siriýada şu günki günde ABŞ-nyň 20-den gowrak harby bazasy bar.Eýsem Siriýada Amerikanyň harby bazalarynyň näme işi bar? Şol bazalar näçe üçin gurulýar? 23 sany harby baza.

Bular barada maglumat berilmeli bolsa gerek.Gynansakda Türkiýäniň ekstremist terror guramasy PKK-a garşy operasiýa geçirýän uçarmansyz howa ulagy Amerika tarapyndan urlup düşürilýär.Eýsem, uçarmansyz howa ulagyny Amerika urup düşürýärkä, Türkiýe NATO-da Amerikanyň hyzmatdaşy dälmi?

Bu mesele nähili analiz edilmeli?Gynansakda Amerika ähli terror guramalaryna tälim berýär, taýarlaýar we ýarag bilen üpjün edýär. Şol terrorçylar Siriýany we Ýakyn Gündogary gan kölüne öwürýär.Muňa göz ýetireliň”diýip belledi.

Sebitde dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durulmalydygyny nygtan Prezident Erdogan “Gaza agyz suwy berilmeýär, hany adam hukuklary? Elektrik togy ýok, hany adam hukuklary? Hassahanalar, ybadathanalar bombalanýar. Emma halkara jemgyýetçiligi dymýar”diýdi.

Ýene degişli makalalar

Daşary Işler Ministri Hakan Fidan NATO-nyň Maslahatyna Gatnaşar
Hakan Fidan Belgiýa gitdi
Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň terrora garşy göreşi tutanýerlilik bilen dowam edýär
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Prezident Erdogan Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini berdi
Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy
Erdogan: "PKK-nyň ortadan aýrylmagy Yragyň hem bähbidinedir" diýdi