Prezident Erdogan Erzurumda ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Erzurumda ýaşlar bilen duşuşyk geçirdi.

Türk senagatynyň buýsanç çeşmesi bolan ýerli elektrik tokda işleýän TOGG ulaglarynyň önümçiliginiň dowam edýändigini aýdan Prezident Erdogan: "Nesip bolsa birnäçe aý soň TOGG-yň Oltu gara reňkini ýollarymyzda görmäge başlarys" diýip habar berdi.

Prezident Erdogan: "Mundan başgada ýurdumyzyň harby flodynda häzirki wagta çenli hasaba alynan iň uly harby gämisi boljak Anadoly gämisini öňümizdäki ýyl ulanmaga bereris. Öňümizdäki ýyl uçarmansyz harby uçarymyz Gyzylalmanyň dowamly önümçiligi başlar, milli harby uçarymyzy hem angardan çykararys" diýip mälim etdi.

Dizaýn, önümçilik, gurnama, programma üpjünçiligi we synaglary dolulygyna ýerli mümkinçilikler bilen özgerdilern IMEJE emeli hemrasyny we Türksat 6A-ny älem giňişligine uçurjakdyklaryny aýdan Prezident Erdogan: "Şeýlelik bilen älem giňişligindäki jemi emeli hemramyzyň sanyny 10-a ýetireris. Gara deňizde tapan 540 milliard kub metrlik tebigy gazy hem 2023-nji ýylyň ilkinji çärýeginde öýlerimizde ulanmaga başlarys" diýip aýan etdi.

Prezident Erdogan 2023-nji ýylda döwrebap tehnologiýanyň ösen döwrüne giriljekdigini, esasan hem programma üpjünçiliginiň öň hatara çykjakdygyny, programma üpjünçiligi tehnologiýasynda üstünlik gazananlaryň baýrak aljakdygyny beýan etdi.

Türkiyäniň goranmak senagatynda öňegidişlik edendigini we şol göçüm bilen ähli ünsleriň Türkiyä öwrülendigini aýdan Prezident Erdogan, ABŞ bilen birlikde Günbatar ýurtlaryň Türkiyäniň goranyş senagatyndaky tehnologiýany almak üçin tagalla edýändiklerini belläp, Türkiyäniň şol ösüşlerini dowam etdirjekdigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

NATO-nyň sammitinden öň Türkiyäniň paýtagty Ankarada täze howa menzili açyldy
Fidandan Lawrowa Ormuz bogazy bilen bagly ýüzlenme: "Howpsuz we üznüksiz geçiş möhümdir"
Daşary işler ministri Hakan Fidan Wladimir Putin bilen Kazanda duşuşdy
NATO-nyň Parlament Sammiti Stambulda geçiriler
Burhanettin Duran: Gazada başdan geçirilýänler biziň ýadymyzda galar
Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Ali Zeýdi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkiýäniň Prezidenti Ankarany Global Diplomatik Merkezi diýip atlandyrýar