Prezident Erdogan “TRT World Forum 2023” Gatnaşdy

Prezident Erdogan “TRT World Forum 2023” Gatnaşdy

Prezident R. T. Erdogan, “Biz Türkiýe hökmünde has köp ganyň akmazlygy, has uly ýykylşygyň bolmazlygy üçin tagalla etmäge taýar” diýdi.

Prezident Erdogan “TRT World Forum 2023” gatnaşdy.

Forumda eden çykyşynda Ýakyn Gündogarda 7-nji oktýabrdan bäri dowam edýän çaknyşyklar hakynda durup geçen Prezident Erdogan, “Biz Türkiýe hökmünde has köp ganyň akmazlygy we has uly ýykylşygyň bolmazlygy üçin tagalla etmäge taýar. Halkara derejesinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekden jogapkär bolan degişli halkara guramalaryň bu meseläni çözüp bilmejekdigine doly göz ýetirýäris”diýdi.

Erdogan “Yzygiderli parahatçylyk ýola goýulýança her günüň jerimesini, çaknyşyklara goldaw berýän Günbatarly ýurtlar däl eýsem asuda ilat çekýär” diýdi.

“Gazada 70-den gowrak žurnalist ýogaldy.Dünýä ýurtlary nirede we dünýäniň tanymal köpçülikleýin habar beriş serişdeleri nirede?Näme üçin dymýarlar.Daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Hamas bahanasy bilen gyrgynçylygy legallaşdyrmaga çalyşýar” diýen Erdogan, “Anadoly Habarlar gullugymyzyň bir işgäri Gazada şehit boldy.

Her gün Gazada 1 žurnalist ýogalýar emma bize birnäçe ýyldan söz azatlygyndan gürrüň edýänler bolsa dymmagy saýlap aldy” diýdi.

Erdogan, “ Ähli wagşyçylyga garamazdan gazalylaryň tutanýerli göreşiniň öňüni alyp bilmeýän Ysraýyl, mediada propagadan söweşinde hem ýeňilýär. Abanýan howpa garamazdan Gazadan dünýä aragatnaşyk koridoryny açan TRT-ni, Anadoly habarlar gullumyzy we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerimizi gutlaýaryn. TRT gazalylaryň sesini dünýä ýurtlaryna ýetirmäge dowam edýär” diýdi.

Prezident Erdogan, “Netanýahu bilen birlikde oňa goldaw berýänler hem terrorçydyr we Gagada Adalat diwanynda hökmany suratda jerimesini çeker” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiye-Yrak Liniýasynda Energiýa Diplomatiýasy
Erdogan TRT-niň Döredilen Gününiň 60 Ýyllygyny Gutlady
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Galkynyş Ýoly taslamasy barada beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan türki döwletlerden gelen çagalar bilen duşuşdy
Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär
TRT-nyň 60 ýyllygy geçirilen ýörite dabara bilen bellenilip geçildi