Prezident Erdogan ýerli raketa synaglarynyň Gresiýany gorkuzandygyny belledi

Prezident Erdogan ýerli raketa synaglarynyň Gresiýany gorkuzandygyny belledi

Prezident Erdogan Mugla welaýatynyň Fethiýe etrabynda raýatlara ýüzlenip, dünýäniň yzyly-yzyna krizisleri başyndan geçirýändigini, epidemiýa, söweş ýaly yzyly-yzyna gabat gelýän sarsgynlar bilen global syýasy we ykdysady ulgamyň esaslarynyň düýbüniň gowşandygyny beýan etdi.

"Türkiye hökmünde bu howply döwürde diňe aýakda durmak bilen çäklenmän, has uly maksatlara tarap barýarys" diýip aýdan Prezident Erdogan, wezipä başlan mahallary goranmak senagatynda ýerlilik görkezijileriniň 20 göterim bolandygyny, indi bolsa şol görkezijiniň 80 göterime çenli baryp ýetendigini mälim etdi.

Türkiyäniň indi öz uçarmansyz howa ulaglaryny, ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny, ýaragly uçarmansyz uçary Akynjyny öndürýändigini ýatladan Prezident Erdogan, indi bolsa uçarmansyz harby uçary Kyzylelmanyň öndürilýändigini belläp: "Kyzylelma dowamly öndürilmäge başlanyndan soň, olar F-16-laryň daşaýan bombalaryny daşar.

Ahli bu zatlar bilen birlikde Gresiýa näme diýär indi?Bu telbe türkler näme edýär?Häzirki wagtda Izmirde synaglar geçirildi we ol ýerden atyljak bir raketa, olary gorkuzmaga başlady.

Men hem öz gezegimde: Eý Gresiýa, asuda durdugyň saýyn, biziň seniň bilen işimiz ýok diýärin.Asuda dursaň bolýar.Raketamyzyň aralygy häzirki wagtda 565 km. Ýeterlik däl, ony indi 1000 km çenli ýetireris" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Russiýa Türkiýä Ýangyn Söndüriji Uçarlaryny Ugratdy
Mawy Baýdakly Plýažlaryň Sany Gün Saýyn Köpelýär
Mugla welaýatynda 33 bosgun halas edildi
Energetikada Merkezi Ýurt: Türkiye
“Star Legend” Atly Kruiz Gämisi Bodruma Geldi