Prezidentiň Kömekçisi Akif Kylyç Londonda Saparda Boldy

Prezidentiň Kömekçisi Akif Kylyç Londonda Saparda Boldy

Prezidentiň daşary syýasatdan we howpsuzlykdan jogapkär kömekçisi Akif Çagataý Kylyç, Britaniýanyň Ýakyn Gündogardan jogapkär Döwlet ministri Lord Taryk Ahmed bilen duşuşdy.

Britaniýanyň Ýakyn Gündogardan jogapkär Döwlet ministri Lord Taryk Ahmed X sosial media platformasyndan beren beýannamasynda, 11-nji aprelde paýtagt Londonda Akif Kylyç bilen duşuşandygyny mälim etdi.

Prezidentiň daşary syýasatdan we howpsuzlykdan jogapkär kömekçisi Akif Çagataý Kylyç bilen duşuşmakdan hoşaldygyny aýdan Ahmed, “Gazadaky çaknyşyklaryň gyssagly bes edilmegi barada giňişleýin pikir alyşdyk” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi
25.04.2019 | Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mejlisi
10 milliard dollara ýetdi
“Ýüzükleriň hökümdary” serial bolar
Dreýk Adeliň rekordyny täzeledi