PSŽ “Barselonanyň” ýyldyzyny transfer etdi

Fransiýanyň çempiony PSŽ Ispaniýanyň çempiony “Barselonanyň” wingeri Usman Dembeleni öz düzümine goşdy.Parižliler 26 ýaşyndaky oýunçynyň transfer tölegi hökmünde katalonlara 50,4 million ýewro berer.Dembele PSŽ bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyp, ol täze klubunda 23-nji belgili köýnekçäni geýer.

Dembele özüniň PSŽ toparyna transfer bolmagy bilen baglanyşykly: PSŽ toparynyň oýunçysy bolanyma örän şat.Bu toparyň düzüminde meýdança çykmaga howlukýaryn.Bu ýerde ýeňişler gazanyp, janköýerlerimizi begendirmek isleýärin diýip, beýanat berdi.

Fransiýaly oýunçy “Renn” toparynda futbola başlap, ol 2016-njy “Borussiýa Dortmunda” transfer bolupdy. Bu klubda 50 oýunda 10 gol geçiren Dembeleni “Barselona” kluby 2017-nji ýylyň tomsunda 105+40 million ýewro transfer edipdi. Dembele “Barselonada” 185 duşuşykda 40 gezek tapawutlandy.

Ýene degişli makalalar

17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda deslapky oýunlar geçirildi
Deşam PSŽ-li ýaş oýunçyny ilkinji gezek ýygynda çagyrdy
PSŽ häzirlikçe 1-nji orna geçdi
“Borussiýa Dortmund” 1/8 finalda, Ronaldonyň 750-nji goly we beýleki hasabatlar
Soňky çempion Fransiýanyň düzümi belli boldy