PSŽ çempion diýen ýaly

Fransiýanyň çempionatynda 33-nji tapgyrda sanawyň lideri PSŽ myhmançylykda “Anženi” 3-0 hasabynda oýunda parižlileriň adyndan Kilian Mbappe, Serhio Ramos hem-de Markinios tapawutlandy. Duşuşykda 1 gol geçiren Mbappeniň PSŽ-niň köýnekçesi bilen çempionatdaky gollarynyň sany 113-e ýetip, ol bu ugurda Zlatan Ibrahimowiçden öňe saýlandy. Mbappeden öňde 138 golly Edinson Kawani bar.

2-nji ýerde barýan “Marsel” hem 33-nji tapgyrda ýeňiş gazanyp, PSŽ-niň çempionlyk baýramçylygyny bir hepde soňa süýşürtdi. Ýogsam “Marsel” topary “Nanty” 3-2 hasabynda kynlyk bilen ýeňmegi başardy. Şeýlelikde, 23-nji aprelde oýnaljak PSŽ “Lans” duşuşygynda parižliler ýeňilmedik ýagdaýynda çempionlygyny yglan ederler. Ýa-da PSŽ şol duşuşykda utulyp, 24-nji aprelde “Marsel” myhmançylykda “Reýmsi” ýeňip bilmedik ýagdaýynda-da parižliler wagtyndan öň çempion bolarlar.

33 duşuşykdan soň PSŽ 77, “Marsel” 62 utuk bilen 1-2-nji orunlary eýeleýärler.

Ýene degişli makalalar

Ýeňlişsiz topar galmady
PSŽ-niň 5 goly “Aýaççony” 2-nji liga ugratdy
Fransiýada PSŽ çempion diýen ýaly
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Super ýyldyz yzly-yzyna 4-nji gezek ýylyň futbolçysy saýlandy
Deşam PSŽ-li ýaş oýunçyny ilkinji gezek ýygynda çagyrdy