PSŽ-niň 3-nji transferi

PSŽ Fransiýanyň çempiony PSŽ topary “Leipsigiň” fransuz sag gyraky goragçysy Nordi Mukieleni transfer etdi.Parižliler 24 ýaşyndaky merkezi goragda hem oýnap bilýän Mukiele bilen 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşdy.

PSŽ Mukieleniň transferi üçin nemes klubuna 10 million ýewro tölär.Geçen möwsüm “Bundesligada” 28 oýunda meýdança çykan Mukiele 2018-nji ýylda “Monpelieden” “Leipsige” transfer bolupdy.Ol “Leipsigde” 146 oýunda 10 gol geçirdi.

PSŽ Mukieleden öň “Portodan” Witinýany hem-de “Reýmsden” Ugo Ekitikeni transfer edipdi.

Ýene degişli makalalar

Ýeňlişsiz topar galmady
Mbappeniň 8-nji sekuntdaky goly we PSŽ-niň 7 golly ýeňşi
Zenanlaryň Dünýä Kubogy
PSŽ häzirlikçe 1-nji orna geçdi
Professional däl klub ýarym finala çykdy
UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar