PSŽ-niň täze hüjümçisi portugaliýaly oýunçy boldy

Fransiýanyň çempiony PSŽ Portugaliýanyň “Benfika” klubunyň 22 ýaşyndaky hüjümçisi Gonsalo Ramuşy 1 ýyllyk kärendesine transfer etdi.Parižliler Ramuşy indiki tomusda 65+10 million ýewro berip, ymykly düzümlerine hem geçirip bilerler.

Ramuş geçen möwsümde “Benfikada” 47 oýunda 27 gezek tapawutlandy.Ramuş Portugaliýanyň ýygyndysy bilen Katar 2022 Dünýä Kubogynda 1/8 finalda Şweýsariýanyň derwezesinden 3 gol geçiripdi. Şonda Ronaldonyň ornuna oýnan Ramuş het-trik edip, bütin dünýäniň ünsüni özüne çekipdi.

Ýene degişli makalalar

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Arsenal” 6 ýyldan soň 6 gol bilen 1/8 finala çykdy
16 duşuşyk 48 gol
PSŽ-niň ýene bir ýyldyzy Katara transfer boldy
Goal Çempionlar ligasynda çempion bolup biljek toparlaryň reýtingini düzdi
Baýer ýeňlişsiz ýöriş boýunça täzelenen rekord bilen Ýewropa ligasynyň finalyna çykdy