PSŽ ýeňe-de ýeňildi, aratapawut azalýar

Fransiýanyň çempionatynda PSŽ öz meýdançasynda ýene bir ýola ýeňlişe sezewar boldy.Parižde Loriýandan 3-1 hasabynda utulan PSŽ şu möwsümde 6-njy gezek ýeňildi.PSŽ topary katarly işewürler tarapyndan satyn alnandan soň, ýagny 12 ýyldan bäri 2-nji gezek bir möwsümde 6-njy sapar ýeňlişe sezewar boldy.

Duşuşykda Loriýanyň gollaryny Le Fi (15), Ýongwa (38), Dieng (88) geçirdi. 20-nji minutdan soň 1 oýunçy kem (Aşraf Hakimi 20-nji minutda 2-nji sarydan soň gyzyl kart aldy) oýnan PSŽ-niň ýeke-täk goluny 29-njy minutda Kilian Mbappe derwezä girizdi.

2-nji ýerdäki Marsel öz meýdançasynda Oseri Jengiz Ünder we Aleksis Sançesiň soňky 15 minutda geçiren gollary esasynda 2-1 hasabynda ýeňdi. Bu ýeňişden soň PSŽ bilen Marseliň arasyndaky utuk aratapawudy çempionatyň tamamlanmagyna 5 tapgyr galanda 5-e düşdi.

Ýene degişli makalalar

Sportuň taryhynda şu gün 27-nji awgust
SEWILÝANYŇ 6-njy ÇEMPIONLYGY
Italýan hem rus toparlary tapgyry ýeňişsiz tamamladylar, iňlis klublary uly hasaply ýeňiş gazandylar
Iňlis toparlary ýeňlişsiz barýar
Kuman Messi we de Ýongy sanawa almady
Sportuň taryhynda şu gün 30-njy noýabr