Putin bilen Baýdeniň duşuşygy üçin žurnalistlere akkreditasiýa berlip başlady

Putin bilen Baýdeniň duşuşygy üçin žurnalistlere akkreditasiýa berlip başlady

Şweýsariýa 16-njy iýunda Ženewada geçiriljek Russiýanyň Prezidenti W.Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti J.Baýdeniň duşuşygyna gatnaşjak žurnalistler üçin akkreditasiýa açdy. Bu barada Belta-nyň habarlar saýty ýurduň Daşary işler boýunça federal departamentiniň TASS habarlar gullugyna beren maglumatyna salgylanyp ýazýar.

Bu çärä gatnaşmak üçin žurnalistler akkreditasiýa kagyzyny doldurmaly. Ýöne entek metbugat merkeziniň nirede ýerleşjekdigi doly belli däl. Şweýsariýanyň Daşary işler ministrliginiň habarynda bellenilişi ýaly, bu sammite gatnaşmaga isleg bildirýän žurnalistler Şweýsariýanyň Hökümeti tarapyndan girizilen sanitariýa düzgünlerini berjaý etmeli bolarlar.

Hususan-da, olardan koronawirusa garşy sanjym alandygy hakyndaky rugsatnamasyny, test barlagyndan geçendigini ýa-da COVID-19-y geçirendigini tassyklaýan kepilnamasyny görkezmek talap ediler.Habar berlişi ýaly, rus sanjymlaryndan sanjym alan žurnalistlere akkreditasiýa üçin elýeterlilik berilmez, ýöne olar test barlagyndan geçendigini ýa-da COVID-19-y geçirendigini tassyklaýan kepilnamasyny görkezip bilerler.

Munuň sebäbi bolsa rus sanjymlarynyň entek Şweýsariýada we Derman serişdeleriniň Ýewropa agentliginde resmi taýdan hasaba alynmadykdygy, şeýle hem olaryň gyssagly ulanmak üçin BSGG-niň maslahat berýän derman serişdeleriniň sanawyna girmeýändigi bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem ýurduň Hökümeti rus sanjymlaryndan sanjym alynmagyna rugsat bermeýär.

Ýene degişli makalalar

Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy
Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşar
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Şazada Uilýam Patyşa Karl III borçlarynyň bir bölegini alar
Günorta Koreýada bazardaky ýangynda 227 dükan ýandy
Berliniň üstünde asman jisimi partlady
Lukaşenko Geely milli awtoulaglaryna uzyn nobatyň dörändigini habar berdi