Putin Ýakyn Gündogar döwletleriniň liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Putin Ýakyn Gündogar döwletleriniň liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Palestinanyň Döwlet baştutany Mahmud Abbas, Müsüriň Prezidenti Abdulfettah as-Sisis, Eýranyň Prezidenti Ibrahim Reisi, Siriýa režiminiň lideri Başar Asad bilen Ysraýyl-Palestina çaknyşyklary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Kreml tarapyndan berilen beýanatda, Wladimir Putiniň Ýakyn Gündogar döwletleriniň käbir liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi habar berildi.

Geçirilen telefon söhbetdeşliginde barha artýan Ysraýyl-Palestina çaknyşyklarynyň ele elynandygy bellenen beýanatda: "Çaknyşyklaryň geriminiň giňelmegi, asuda ilat ýitgileriniň günsaýyn artmagy we Gazada barha çuňlaşýan ynsanperwer krizis bilen baglanşykly meselelere çuňňur alada bildirildi. Mätäç bolan her kime gyssagly kömegiň berilmegi maksady bilen ot açmazlyk düzgüniniň girizilmelidigi aýan edildi" diýip mälim edildi.

Gazadaky ynsanperwer ýagdaýyň maslahatlaşylandygy bellenen beýanatda: "Putin Gazadaky ynsanperwer ýagdaýyň derwaýysdygyny we derman, azyk we beýleki möhüm önümleri gyssagly eltip bermek üçin zolagyň gabawyny aýyrmagyň zerurdygyny nygtaýan teswirleri we garaýyşlary diňledi. Şeýle hem çaknyşygyň sebitleýin uruşa öwrülmegi ähtimallygyna çynlakaý aladalar bildirildi" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Putin Raisi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy
Kalyn Bilen Burns Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Strategik taýdan möhüm sebit”. Ýewropa Parlamenti Merkezi Aziýa ýakynlaşmagy teklip edýär
Somaliniň lideri: "Türkiyäniň berýän kömeklerinden hoşaldyrys" diýdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 10.10.2023