Rangnik “Mançester Ýunaýted” futbol klubynyň wagtlaýyn tälimçisi wezipesine bellendi

Rangnik “Mançester Ýunaýted” futbol klubynyň wagtlaýyn tälimçisi wezipesine bellendi

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” futbol kluby germaniýaly Ralf Rangnigi toparyň wagtlaýyn tälimçisi wezipesine belledi. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär diýip, TASS belleýär.

Şertnama iş wizasyny almak şerti bilen şu möwsümiň ahyryna çenli niýetlenýär. Şertnamanyň möhleti tamamlanandan soň hünärmen klubda maslahatçy hökmünde işini dowam etdirer. 21-nji noýabrda işden çykarylan norwegiýaly Ule Gunnar Sulşeriň ornuny çalşyran, baş tälimçi wezipesini ýerine ýetiriji Maýkl Karrik Rangnik wiza alýança topar bilen işleşmegini dowam etdirer.

“Men “Mançester Ýunaýtede” goşulandygyma örän begenýärin we şu möwsümi klub üçin üstünlikli etmäge ünsi jemlärin.Topar zehinli bolup, onda ýaşlyk we tejribe utgaşýar.Geljek alty aýyň dowamynda meniň ähli tagallalarym bu oýunçylara potensialyny hem indiwidual, hem topar bilen bilelikde durmuşa geçirmek üçin kömek etmäge gönükdiriler.

Mundan başga-da, men konsultasion esasda klubuň uzak möhletli maksatlaryny goldamak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip, Rangnik aýtdy.

Rangnik 63 ýaşynda, ol tälimçi hökmünde iki gezek Germaniýanyň “Leýpsig” klubuna ýolbaşçylyk etdi (2015-2016; 2018-2019). Onuň işlän döwründe “Leýpsig” Germaniýanyň bürünç baýrakçysy boldy, şeýle-de ýurduň kubogynyň finalyna çykdy. Rangnik “Şalkede”, “Hoffenhaýmda”, “Gannowerde” we “Ştutgartda” baş tälimçi bolup işledi. “Şalke” bilen bilelikde ol Germaniýanyň kubogyny aldy we milli birinjiligiň kümüş medallaryna eýe boldy.

“Mançester Ýunaýted” 13 oýunda 18 utuk gazanyp, Angliýanyň çempionatynyň turnir sanawynda sekizinji orny eýeleýär. Angliýanyň kluby öň özi üçin Çempionlar ligasynyň pleý-offuna çykmagy kepillendiripdi.

Ýene degişli makalalar

Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
1-nji ýarymda “Maýns”, 2-nji ýarymda “Bawariýa”
3-nji liganyň wekili “Bawariýany” kubok ýaryşyndan çykardy
Tälimçi Daliç Horwatiýanyň gutarnykly düzümini mälim etdi
Bundesligada möwsüm tamamlandy
Bundesliga birinji tapgyr: Azmunyň topary ýeňildi