Raşid Meredow BMG-niň Ilat gaznasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Raşid Meredow BMG-niň Ilat gaznasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady atly halkara maslahata gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen BMG-niň Ilat gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktorynyň wezipelerini ýerine ýetiriji Juliýa Walezeniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýedigini belläp geçdiler.Bu ugurda, 2021-2025-nji ýyllar üçin niýetlenen ýurt boýunça dördünji maksatnamany hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan bilelikdäki işleriň netijeliligi hem nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Ilat gaznasynyň eneligiň howpsuzlygynyň, reproduktiw saglygyň goraglylygynyň, gender ösüşiniň ilerledilmegi ugrunda döwlet derejesinde alnyp barylýan hereketlere işjeň gatnaşmagy bu ulgamlarda ähmiýetli ösüşleriň gazanylmagyna itergi berdi.

Öz nobatynda J.Waleze nobatdaky halkara forumyň sebit hem-de halkara derejesinde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagy nukdaýnazaryndan aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, onuň çäklerinde Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň BMG-niň Ilat gaznasy bilen her ýyllyk iş meýilnamalaryna gol çekiljekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

London gazna biržasynda geçirilen duşuşyk barada
Türkmenistanyň edaralarynda işgärlerden ähli ýerde maska ​​dakynmak barada dilhat alynýar
Iki äpediň söweşi (Godzillanyň garşysyna Kong)
Meksikaly inžener zenan “Älem gözeli” saýlandy
Happy Childhood
Apple II-niň gözükdirijisi rekord baha satyldy
Çarlz Oliweýra Dastin Porýeni ýeňip, ýeňil agramda çempionlyk guşagyny gorady