Raşid Meredow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

Raşid Meredow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistana sapar bilen gelen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms bilen sişenbe güni duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn ösüş dinamikasyny nygtadylar.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde ileri tutulýan ugurlar barada aýdyp, ýaşyl” tehnologiýalar, önümçilik pudagy, energetika, oba we suw hojalygy, şeýle hem bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi.

Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 6-njy martynda ýola goýuldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we ÝB hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekdiler
Türkmenistan we ÝB hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň Teswirnamasy bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirdi
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GERMAN YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞDY
Milli Liderimiz Mihael Harms bilen duşuşdy
25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
Türkmenistan we Germaniýa söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanýandyklaryny tassykladylar