Real täze tälimçi belledi

Real täze tälimçi belledi

“Ewertonyň” baş tälimçisi Karlo Ançelotti Madridiň “Realyna” ýolbaşçy boldy.

Ançelotti 2013-nji ýyldan 2015-nji ýyl aralygynda “Reala” tälimçilik etdi.Klubdaky ilkinji möwsüminde ol “Realy” taryhynda 10-njy we 2002-nji ýyldan bäri ilkinji bolan Çempionlar ligasynda ýeňşe getirdi.

Topardan gidenden soň, Karlo “Bawariýa” we “Napoli” toparlaryna ýolbaşçylyk etdi, 2019-njy ýylda bolsa “Ewertona” geldi.Geçen möwsümde “Real” Ispaniýanyň Premýerasynyň turnir sanawynda diňe “Atletiko” ýol berip, ikinji orny eýeledi.

Topar 38 oýunda 84 utuk gazandy we soňky tapgyra çenli çempionlyga dalaşgär boldy, ýöne aýgytly oýunda Madridiň “Atletikosy” ýeňiş gazanyp, tituly elden bermedi. Çempionlar ligasynda “Real” ýarym finala çykdy we netijede baýragyň eýesi bolan “Çelsiden” utuldy.

Ispaniýanyň kubogyndan madridliler 1/16 final tapgyrynda çykdylar.

Ýene degişli makalalar

Ançelotti UEFA-nyň Çempionlar ligasynda 100-nji ýeňşini gazandy
“Real” ýene-de öňki tälimçisini wezipä belledi
Köne garşydaşynyň tälimçisi boldy
Karlo Ançelotti Realdan soň karýerasyny tamamlar
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Gysga setirlerde: 21-nji fewralyň sport habarlary