“Real” ýene-de öňki tälimçisini wezipä belledi

/* custom css */ .td_uid_19_60b7753125395_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60b7753125395_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575705 Zinedin Zidanyň wezipesini taşlamagyndan soň, tälimçi gözlegine çykan “Real Madrid” ýene-de öňki tälimçileriniň biri bilen ylalaşyk gazandy.

Madridliler italiýaly meşhur tälimçi Karlo Ançelotti bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdylar.Ançelotti täzeden “Reala” dolanyşy barada: “Men Ewertonda maňa goldaw berenleriň hemmesine öz minnetdarlygymy bildirýärin.Bu ýerde ajaýyp 2 ýylym geçdi.

Garaşylmadyk teklip ýüze çykdy. Şol sebäpli-de gitmeli bolýaryn” diýdi. 61 ýaşly tälimçi “Realdan” her möwsümi üçin azyndan 6 million ýewro möçberinde hak alar.Ançelotti ozal hem 2013-2015-nji ýyllar aralygynda 2 möwsüm “Real Madride” tälim beripdi. Şondan tejribeli tälimçi “Real Madride” 12 ýyldan soň 10-njy Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandyrypdy. Ýewropanyň TOP 5 ligasynyň 4-sinde çempionlyk gazanan Ançelotti “Realdaky” ikinji başdangeçirmesinde belki-de olaryň sanyny 5-e çykarar. Ýeri gelende aýtsak, Zidanyň ornuna Antonio Konte, Maurisio Poçettino ýaly tälimçileriň hem atlary agzalýardy.

Ýene degişli makalalar

Ançelotti Çempionlar ligasynda ýeňişleriniň sany boýunça tälimçileriň arasynda rekord goýdy
Ançelotti Çempionlar ligasynyň kubogyny iň köp gazanan tälimçi boldy
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Karlo Ançelotti Realdan soň karýerasyny tamamlar
Real täze tälimçi belledi
Köne garşydaşynyň tälimçisi boldy