“Resident Evil” filmler toplumy täzeden surata düşüriler

Ukrainaly aktrisa Milla Ýowowiçiň baş keşpde surata düşen “Resident Evil” filmleriniň täzeden ekranlaşdyryljak nusgasynda çykyş etjek

artistler belli bolup başlady. Ýohannes Robertsiň režissýorlyk etjek filminde Kaýa Skodelario, Hannah Jon-Kamen, Robbi Amell, Nil MakDonou, Tom Hopper, Awan Jogia ýaly artistler dürli keşpleri ýerine

ýetirerler. Filmiň ssenarisiniň režissýoryň özi ýazar. Täze filmdäki wakalar 1998-nji ýylda bolup

geçýär.

Ilkinjisi 2002-nji ýylda prokata çykan “Resident Evil” filmleriniň

altynjysy 2016-njy ýylda kinosöýüjileriň dykgatyna

ýetirilipdi. Filmiň käbir bölümleri tomaşaçylaryň uly söýgüsini gazanypdy.

“Netflix” serialyny ekranlaşdyrar

Ýeri gelende aýtsak, “Netflix” media platformasy hem “Resident Evil” atly serialy öz muşdaklarynyň dykgatyna ýetirjekdigini habar beripdi. 8 bölümlik gysga göwrümli serialyň önümçiligine öňümizdäki günlerde badalga berler. “Netflix” bu serial üçin “Resident Evil” filmlerini öndüriji “Constantin Film” şereketi bilen bilelikde işleşerler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Türkmenistanda nebit-gaz toplumynyň ýolbaşçysy çalşyldy
GARAKÇYLAR GAÝDYP GELÝÄR
Transfer täzelikleri
“Harby güýjüne buýsanýan käbir ýurtlaryň Siriýany göreş meýdanyna öwürmegi biynjalyk edýär”
Ryza Kaýaalp altyn medalyň eýesi boldy