Rişi Sunagyň gaýyn enesi Hindistanyň Parlamentiniň ýokary palatasyna deputatlyga hödürlendi

Rişi Sunagyň gaýyn enesi Hindistanyň Parlamentiniň ýokary palatasyna deputatlyga hödürlendi

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Rişi Sunagyň gaýyn enesi Sudha Murti Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmu tarapyndan ýurduň Parlamentiniň ýokary palatasyna deputatlyga teklip edildi. Bu barada MIR 24 habar berýär.

Men Hindistanyň Prezidenti tarapyndan Sudha Murtiniň kandidaturasynyň hödürlenmegine şatdyryn... Hanym Murtiniň dürli ulgamlarda, şol sanda sosial maksatly işlerde, haýyr-sahawatda, bilimde bitiren hyzmatlary diýseň uludyr we ruhlandyryjydyr diýip, Swarajya neşiri ýurduň Hökümet başlygy Narendra Modiniň sözlerini getirýär.

Hindistanyň Parlamentiniň ýokary palatasy 245 deputatdan durýar, olaryň 12-si Prezident tarapyndan bellenýär. Olar adatça görnükli medeniýet we ylym wekilleridir. Sudha Murti mugallym, ýazyjy we haýyr-sahawatçy hökmünde bellidir.

Ýene degişli makalalar

Hindistanda şu gün Parlament saýlawlary başlanýar
Günorta Afrikada BRIKS sammiti açylýar
Eýran bilen Hindistan ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Halk Maslahatynyň Başlygy Hindistanyň ýolbaşçylaryna gutlag iberdi
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar