Ronaldo oýundan çykaryldy, “Al Nassr” 5 gol geçirtdi

Portugaliýaly super ýyldyz Kristiano Ronaldonyň çykyş edýän “Al Nassr” topary Ispaniýanyň “Selta Wigo” topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.Portugaliýanyň Algarwe şäherinde oýnalan bu oýunda ispan kluby 5-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Duşuşygyň 1-nji ýarymynda hasap açylman, esasy düzümde başlan Ronaldo tälimçisi tarapyndan 48-nji minutda oýundan çykaryldy. Şondan soň ispan kluby gol baryny ýagdyrdy.Ispan toparynyň gollaryny 57-nji minutda Alonso, 62-njy we 71-nji minutlarda Rodriges, 73-nji we 75-nji minutlarda-da Larsen derwezä girizdi. “Al Nassr” toparynda 48-nji minutda Al Amri gyzyl kart aldy.

“Al Nassr” toparyna golaýda portugaliýaly Luiş Kaştro tälimçilige bellenipdi.

Ýene degişli makalalar

Möwsümdäki 2-nji ýeňlişi
Urugwaýyň Katar 2022-de çykyş etjek oýunçylary mälim boldy
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Garaşylmadyk topar ýeňlişsiz öňde barýar
Çempion “Atletikomy” ýa-da “Real”! “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda
“La Ligada” çempion Madridden, “Barselonanyň” çempionlyk mümkinçiligi galmady