Ronaldonyň 2 goly, “Al Nassryň” 3 utugy

Saud Arabystanynyň çempionaty “Saudi Pro Ligada” 14-nji tapgyrda “Al Nassr” topary öz meýdançasynda “Al Ahdud” toparyndan 3-0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda paýtagtlylara ýeňiş getiren gollary Al-Naji (13) bilen Kristiano Ronaldo (77, 80) geçirdi. Bu ýeňişden soň utugyny 34-e çykaran “Al Nassr” topary 2-nji basgançaga beýgeldi.

“Al-Ittifak” bilen “Al Ittihadyň” arasyndaky oýunda-da ýeňiş gazanan bolmady. 41-nji minutda Weýnaldumyň goly bilen öňe geçen “Al-Ittifak” toparynyň derwezesinden hasaby deňlän goly 54-nji minutda Amdallah geçirdi.

35 utuk bilen sanawyň başyny çekýän “Al Hilal” topary şu gün agşam myhmançylykda “Al Hazem” bilen duşuşar (20:00).

Ýene degişli makalalar

Ronaldonyň 1200-nji duşuşygy
Ronaldonyň çempionatdaky gollarynyň sany 9-a ýetdi
Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)
Portugaliýa ähli duşuşykda ýeňiş gazandy, Gibraltar gol hem geçirip bilmedi (EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň käbir statistikalary)
AFK Çempionlar Ligasynda “Al-Ain” bilen “Phohan Stilers” 1/8 finala çykan ilkinji klublar boldy
Ronaldo “Al Nassrdaky” ilkinji kubogyny asmana galdyrdy