Ronaldu “Mançester Ýunaýtede” dolanmak üçin aýlyk hakynyň azaldylmagyna razy

Ronaldu “Mançester Ýunaýtede” dolanmak üçin aýlyk hakynyň azaldylmagyna razy

“Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu “Mançester Ýunaýtede” dolanyp barmak üçin aýlyk hakynyň azaldylmagyna taýýar. Bu barada “Eurosport” telewizion ulgamyna salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, portugaliýaly oýunçy, hakykatdanam, bu topara goşulmak isleýär, şol sebäpli ol maliýe isleglerini möwsümde 20 mln ýewro çenli azaldyp biler.Häzir 36 ýaşly hüjümçi 31 mln gazanýar.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli Mançester Ýunaýtediň beýle şertnama baglaşyp bilmejekdigi aýdyňlaşdyrylýar. 13-nji aprelde “Mançester Ýunaýtediň” fransuz ýarym goragçysy Pol Pogbany Ronaldu bilen çalyşmaga taýýardygy habar berildi. “Ýuwentusyň” şeýle ylalaşyga nähili garaýandygy bolsa mälim edilmedi.

Portugaliýaly oýunçynyň turin kluby bilen şertnamasy 2022-nji ýylda tamamlanýar.Ronaldu şu möwsümde “Ýuwentus” üçin geçirilen ähli ýaryşlarda 38 oýna gatnaşdy.Ol 32 gezek gol geçirdi we bäş gezek netijeli geçirim etdi.

Ronaldu “Mançester Ýunaýted” üçin 2003-nji ýyldan 2009-njy ýyl aralygynda oýnady.Onuň hasabynda bu toparyň düzüminde geçiren 292 oýnunda 118 goly we 69 netijeli geçirimi bar.

Ýene degişli makalalar

Golden Boy 2023-iň ýeňijisi mälim edildi
Benzema 6 ýyldan soň ýygynda çagyryldy, Fransiýanyň ýygyndysy mälim edildi
“Mançester Ýunaýted” gol bolup ýagdy
Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşyklary geçirildi
Fergusondan soň ilkinji gezek…
2020-nji ýylda transfer bahasy arzanlan futbolçylaryň sanawy düzüldi