Ronaldunyň Al-Nasrdan aýrylmagy mümkin

Ronaldunyň Al-Nasrdan aýrylmagy mümkin

Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Roanldu Saud Arabystanynda futbol akademiýalarynyň göwnelaýyk işlemeýändigi üçin Al-Nasr bilen hoşlaşmakçy bolýar. Mundo Deportiwonyň ýazmagyna görä, portugaliýalylar Saud Arabystanyny döwrebap ýaşaýyşdan uzakda hasaplaýarlar. Ronaldu şonuň üçin Ýewropa dolanmak isleýär.

Eger Ronaldu şertnamany diňe birtaraplaýyn ýatyrsa, kluba jerime tölemeli bolar. Ol häzir Al-Nasrdan her möwsüm üçin 200 million ýewro hak alýar.

Kriştianu Ronaldu Al-Nasra 2022-nji ýylyň ahyrynda goşulypdy. 38 ýaşly hüjümçi toparda geçiren 17 duşuşygynda 13 gezek tapawutlanyp, 2 goluň assistini berdi.

Ýurduň çempionatynyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda, 60 utukly Al-Nasr ýaryşyň lideri Al-Ittihaddan 3 utuk yzda barýar.

Ýene degişli makalalar

“Sewilýanyň” antirekordy, Ramosyň rekordy
“Real Madrid” 33 ýaşyndaky hüjümçini transfer etdi
Barselona birbada La Liganyň iki rekordyny täzeledi
Tälimçiler çalşylyp başlandy
Urugwaýly futbolçynyň 26-njy topary
Futbol bilen hoşlaşan ýyldyzlar