“Sewilýanyň” antirekordy, Ramosyň rekordy

UEFA Çempionlar Ligasynda “B” toparçada 3-nji ýeri kesgitleýän oýunda “Lans” öz meýdançasynda “Sewilýany” 2-1 hasabynda ýeňdi.Duşuşykda “Lansyň” gollaryny 63-nji minutda penaltiden Frankowski hem-de 90+6-njy minutda Fuljini derwezä girizdi. “Sewilýanyň” ýeke-täk goluny bolsa 79-njy minutda penaltiden Serhio Ramos öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, “Lans” bu ýeňişden soň 3-nji ýeri eýeläp, ýoluny UEFA Ýewropa Ligasynyň pleý-off tapgyryndan dowam etdirer. Ýewropa Ligasynyň soňky çempiony “Sewilýa” üçin bolsa ýaryş wagtyndan ir tamamlandy. “Sewilýa” topary 6 duşuşykda 1 ýeňiş hem gazanyp bilmedi.

Ol toparçalary ýeňişsiz tamamlan 5-nji ispan kluby bolup, ondan öň “Deportiwo” (2004/05), “Atletiko Madrid” (2009/10), “Wilýarreal” (2011/12) hem-de “Real Sosiedad” (2013/14) toparçalary ýeňişsiz tamamlapdylar.

Şeýle-de, duşuşykda “Sewilýanyň” ýeke-täk goluny penaltiden geçiren weteran oýunçy Serhio Ramos Çempionlar Ligasynda iň köp gol geçiren goragçy diýen adyň täze eýesi boldy. 17-nji goluny derwezä uran tejribeli goragçy bu ugurda Roberto Karlos hem-de Žerar Pikeden öňe saýlanmagy başardy.

Toparçadaky beýleki oýunda-da PSW bilen “Arsenal” 1-1 deňme-deň oýnady. “Arsenal” 1-nji, PSW 2-nji orny eýeläp, ýaryşy dowam etdirerler.

Ýene degişli makalalar

Lewandowski we ýoldaşlary Polşanyň düzümi
Ýeňlişsiz topar galmady
Parižde 36 ýyldan soň ilkinji derbi oýnaldy
“Brest” topary geň galdyrmagyny dowam edýär (habar-seljerme)
“Arsenal” 6 ýyldan soň 6 gol bilen 1/8 finala çykdy
35 ýyllyk rekord täzelendi