Rosselhoznadzor-yň hünärmenleri Türkmenistanda tejribelerini paýlaşarlar

Rosselhoznadzor-yň hünärmenleri Türkmenistanda tejribelerini paýlaşarlar

Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Çaryýar Çetiýew Moskwada Russiýanyň weterinar we fitosanitar gözegçiligi boýunça federal gullugynyň başlygynyň orunbasary Konstantin Sawenkow bilen duşuşdy. Federal gullugyň berýän habaryna görä, 7-nji dekabrda Moskwada geçirilen duşuşykda taraplar weterinariýa we fitosanitar gözegçilik pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda 2022-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda ösümlikleriň karantini babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen Ylalaşygyň çäginde alnyp barylýan we ýerine ýetirilen işler hem pikir alşyldy.

Türkmen tarapynyň degişli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamaga bolan gyzyklanmasyny göz öňünde tutup, Rosselhoznadzor-yň wekilleri weterinariýa we fitosanitar hyzmatlarynyň wekillerini Türkmenistana ibermegi teklip etdiler.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Mähri Bäşimowa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi, Aşgabatda meşhur Brodweý sazlary ýaňlanar, Dubaýda Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça çäre geçiriler
Rostow sebitinden Türkmenistana külke balyklarynyň uly tapgyry iberildi
Türkmenistan Nowosibirsk sebitine 18 tonna pomidor eksport etdi
Türkmenistan Russiýa ýylyň başyndan bäri 1279,9 tonna goýun ýüňüni eksport etdi
Täze ýyl arçalarynyň ilkinji tapgyry Türkmenistana iberildi
Türkmenistana Perm sebitinden ilkinji 3600 sany Täze ýyl arçasy iberildi