Türkmenistan Nowosibirsk sebitine 18 tonna pomidor eksport etdi

Türkmenistan Nowosibirsk sebitine 18 tonna pomidor eksport etdi

Russiýa Federasiýasynyň Nowosibirsk sebitine Türkmenistandan 18 tonna pomidor eksport edildi. Bu barada Rosselhoznadzoryň resmi web sahypasynda habar berildi.

Habarda Rosselhoznadzoryň Nowosibirsk sebiti boýunça hünärmenleri tarapyndan Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilen pomidorlaryň uly tapgyrynyň barlanandygy aýdylýar.

Habar berlişi ýaly, Nowosibirskdäki lomaý paýlaýyş merkeziniň ýerleşýän ýerine getirilen 18 tonna gök önüm ARRIAH FGBU synag laboratoriýasynyň hünärmenleri tarapyndan barlanylanda, Russiýa Federasiýasy üçin karantin edilen ýagdaýlar ýüze çykarylmady. Netijede, pomidor doly gümrük taýdan resmileşdirmek we fitosanitar gözegçilik prosedurasyny üstünlikli geçdi.

Şeýle hem habarda häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýetişdirilen pomidorlary Russiýa Federasiýasynyň çäginde mundan beýläk hem satmaga rugsat berilýändigi aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Rostow sebitinden Türkmenistana külke balyklarynyň uly tapgyry iberildi
Rosselhoznadzor-yň hünärmenleri Türkmenistanda tejribelerini paýlaşarlar
Türkmenistan Russiýa ýylyň başyndan bäri 1279,9 tonna goýun ýüňüni eksport etdi
Täze ýyl arçalarynyň ilkinji tapgyry Türkmenistana iberildi
Türkmenistana Perm sebitinden ilkinji 3600 sany Täze ýyl arçasy iberildi
Türkmenistan şu ýylyň 10 aýynda Nowosibirsk sebitinden 19,6 tonna balyk import etdi