Rowachlan Galkynysh HK: daşarky bazarda üstünlik gazanmagyň syry

Rowachlan Galkynysh HK: daşarky bazarda üstünlik gazanmagyň syry

Rowachlan Galkynysh türkmen kärhanasy — önümçilik ugry, esasan eksporta gönükdirilen üstünlikli kärhananyň ajaýyp nusgasydyr. Türkmen kärhanasy tarapyndan öndürilen önümler — dokalan polipropilen haltalar, polipropilen ýeňler we Rowachpack haryt nyşanly big-begler uly islegden peýdalanyp, bu ugurda öndürilýän köp sanly dünýä markalarynyň önümleri bilen bäsleşýär.

Kärhananyň üstünlikli iş alyp barmagynyň esasynda — daşarky gatnaşyklara we eksporty ýokary tehnologiýaly önümçilik hökmünde mundan beýläk-de ilerletmek üçin ulanmaklyga gönükdirilen ykdysady ösüş üçin kesgitlenen ileri tutulýan önümçilik çemeleşmeleri durýar.

Daşary ýurtly sargyt edijileri ýokary derejede berkligi, daşky gurşaw üçin arassalygy hem-de çyglylyga durnuklylygy bilen häsiýetlendirilýän Rowachpack polipropilen haltalarynyň hiliniň bahasy bilen laýyk gelýändigi özüne çekýär.

Rowachlan Galkynysh kärhanasynyň müşderileriniň hataryna Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň birnäçesiniň azyk önümlerini we gurluşyk materiallaryny öndürijileri we üpjün edijileri girýär.

Ýakyn geljekde kärhana önümlerini eksport etmegiň geografiýasyny giňeltmegi göz öňünde tutýar.

Rowachlan Galkynysh kärhanasynyň salgylary:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Rowachlan Galkynysh göterijili ýokary hilli big-beg gaplaryny hödürleýär
Rowachlan Galkynysh köpugurly we tygşytly polipropilen ýeňlerini hödürleýär
Rowachlan Galkynysh TSSE-de geçýän sergide gaplama önümleriniň üstünliklerini tanyşdyrýar
Rowachlan Galkynysh polipropilen gaplaýyş önümleriniň eksportyny artdyrýar
Rowachlan Galkynysh TSTB-niň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergä öz önümleri bilen gatnaşdy
Pilim HK müşderilerine tebigy agaçdan we epoksid smoladan taýýarlanan stollary hödürleýär
Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy önümçiligini artdyrýar