Rowachlan Galkynysh HK-nyň big beglerine gaplama önümleriniň bazarynda isleg bildirýär

Rowachlan Galkynysh HK-nyň big beglerine gaplama önümleriniň bazarynda isleg bildirýär

Rowachlan Galkynysh türkmen hususy kärhanasy tarapyndan eksport üçin öndürilýän Rowachpack haryt nyşanly polipropilenden dokalan gaplama haltalaryna uly isleg bildirilýär.

Rowachpack haryt nyşanly big begleriň birnäçe artykmaçlygy bar. Sygymy 300-den 3000 kg aralygynda we götermek üçin ýörite tutawaçlary bolan bu ýumşak konteýner gaplar urga garşy ýokary çydamlylygy, ýeňilligi we ulanylyşynyň aňsatlygy bilen tapawutlanýar. Olar şekilini üýtgetmeýärler, heň döremeginiň öňüni alýarlar we typmalaryň öňüni alýan elastik ýüze eýedirler.

Big begler ürgün materiallary azyk önümlerini, gurluşyk serişdelerini, oba hojalyk we dokma önümlerini, ätiýaçlyk şaýlary gaplamak hem-de daşamak üçin ulanylýar.

Kärhana öz önümlerini Russiýa we GDA-nyň beýleki birnäçe ýurtlaryna eksport edýär.

Rowachlan Galkynysh HK-nyň habarlaşmak üçin maglumatlary: telefon belgileri: (+993 62) 29 29 69 и (+993 12) 29 29 69; elektron poçta salgysy rowachpack@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Rowachlan Galkynysh türkmen kärhanasy big-beg gaplarynyň önümçiligini artdyrýar
Rowachlan Galkynysh türkmen kärhanasy eksport üçin big-beg gaplaryny öndürýär
Rowachlan Galkynysh ürgün materiallary gaplamak we daşamak üçin tutawaçly big-begleri hödürleýär
Rowachlan Galkynysh göterijili ýokary hilli big-beg gaplaryny hödürleýär
Rowachlan Galkynysh köpugurly we tygşytly polipropilen ýeňlerini hödürleýär
Rowachlan Galkynysh TSTB-niň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergä öz önümleri bilen gatnaşdy