“Rubin” 2-nji liga düşdi

Russiýanyň çempionaty “Premýer Ligada” soňky tapgyrda aşaky liga düşen 2-nji topar hem belli boldy. Çempionatda 16-njy ýeri eýelän “Arsenal” öň 2-nji liga düşüpdi. 30-njy tapgyrdan soň aşaka liga giden 2-nji topar Kazan şäheriniň meşhur topary “Rubin” boldy. Öz meýdançasynda ligada galmak üçin göreşýän “Ufa” bilen duşuşan “Rubin” 2-1 hasabynda asgyn geldi.

Oýnuň 37-nji minutynda Lisakowiçiň penalti goly bilen 1-0 öňe saýlanan kazanlylar 2-nji ýarymda derwezelerini goldan gorap bilmediler. 54-nji minutda Kamilow hasaby deňlese, 90-njy minutda Ortis “Ufany” öňe saýlady.

Soňky minutda 2-nji goly geçirden “Rubin” toparyna hasaby deňlemäge mümkinçilik boldy.Deňme-deňlikde “Rubin” 14-nji orunda galýardy we pleý-off duşuşygyna gatnaşmaly bolardy.Oýnuň 90+13-nji minutynda Lisakowiçiň uran penalti urgusy sütüne degdi. Şeýlelikde, 2-1 hasabynda utulan “Rubin” 20 ýyldan soň 2-nji liga düşdi.

“Rubin” topary türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň tälimçiliginde 2002-nji ýylda 2-nji ligada çempionlyk gazanyp, “Premýer Liga” çykypdy.Ilkinji möwsüminde 3-nji ýeri eýelän “Rubin” 2008-nji we 2009-njy ýyllarda Russiýanyň çempiony bolupdy. Çempionlar Ligasynda we Ýewropa Ligasynda ýatdan çykmajak duşuşyklar geçiren we garaşylmadyk ýeňişler gazanan “Rubine” 2019-njy ýylyň dekabryndan bäri Leonid Sluskiý tälim berýär.

“Himki” bilen “Ufa” ligada galmak üçin 2-nji ligada (Milli futbol ligasynda) 3-4-nji ýerleri eýelän toparlar bilen pleý-off duşuşygyny geçirer. “Ufa” “Orenburg” bilen, “Himki” bolsa “SKA-Habarowsk” bilen duşuşar (25-nji we 28-nji maýda).

Ýeri gelende aýtsak, 2-nji ligada 1-2-nji ýerleri eýelän “Torpeda” bilen “Fakel” toparlary geljek möwsüm “Premýer Ligada” çykyş ederler.

Ýene degişli makalalar

Raşid Rahymow Rubiniň baş tälimçisi boldy
Petronas Aşgabatda kömekçi işgär gözleýär, Ahal welaýatynda Akhanyň heýkeli oturdylar, Fransiýada ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhleti uzaldylýar we beýleki habarlar
Türkmen howa ýollary ýanwar aýy üçin Aşgabatdan halkara gatnawlarynyň petek satuwyny ýola goýdy, Russiýa Türkmenistana 3600 sany Täze ýyl arçasyny iberdi, Aşgabat Alyýewiň we Ärdoganyň saparlaryna taýýarlanýar
Gurban Berdiýew Gazagystanyň Kaýrat klubunyň baş tälimçisi boldy
Gurban Berdiýew 70 ýaşyny tegeledi
Gurban Berdiýew Dinamo toparyna tälim berer