Rus Dumasynyň başlygy türkmen Mejlisinde çykyş etdi, özara gatnaşyklary taryplady

Rus Dumasynyň başlygy türkmen Mejlisinde çykyş etdi, özara gatnaşyklary taryplady

Russiýanyň ýokary derejeli resmisi halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça Aşgabat bilen Moskwanyň meňzeş pozisiýalara ýykgyn edýändiklerini aýtdy. Bu barada rus döwlet Dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin 30-njy ýanwarda Aşgabada eden saparynyň çäginde türkmen Mejlisinde çykyş etdi. Bu döwlet Dumasynyň spikeriniň ýolbaşçylygyndaky delegasiýanyň soňky 11 ýylda Türkmenistana eden ilkinji sapary boldy.

Russiýanyň Ukraina garşy başladan esassyz urşuny erjellik bilen goldaýan Wolodin türkmen deputatlaryna ýüzlenip, “Russiýanyň BMG-däki, hususanda nassizmi gahrymanlaşdyrmaga we Ikinji Jahan urşunyň taryhyny galplaşdyrmaga garşy gönükdirlilen başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlygyny” bildirdi.

Bellesek Kreml we rus resmileri Moskwanyň Ukrainada alyp barýan basybalyjylykly söweşini, hamala, nassizme’ garşy göreş bilen delillendirjek bolýarlar. Emma Kiýew we halkara jemgyýetçiligi Ukrainadaky agressiýasy üçin daşky dünýäden barha üzňeleşdirilýän Russiýanyň bu öňe sürmesini ret edýärler.

Ýatlatsak, Türkmenistan Russiýanyň Ukrainadaky heläkçilikli urşy barada häzire çenli resmi beýanat bilen çykyş etmeýär. Şeýle-de, ol BMG-de Russiýanyň weýrançylyklaryny ýazgarýan ses berişliklere gatnaşman gelýär.

Russiýanyň döwlet Dumasynyň beýanatyna görä, Wolodin Türkmenistanda rus diline bolan “aýawly” çemeleşişe hem “gowy baha” berýändiklerini aýdypdyr. Ol Türkmenistanyň 71 mekdebinde “rus dilli klaslaryň” bardygyny aýdyp, rus-türkmen uniwersitetini esaslandyrmak proýektiniň hem wajypdygyny belläpdir. Şol bir wagtda, rus resmileri Türkmenistanda rus dilli klaslaryň yzygiderli ýapylýandygy baradaky maglumatlara reaksiýa bildirmeýärler.

Wolodiniň sözlerine görä, häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda 30 müň töweregi türkmenistanly talyp bilim alýar. Mundan öň, Azatlygyň habarçylary ýurtdaky işsizlik we ykdysady kynçylyklar sebäpli barha köp türkmenistanlynyň, şol sanda okuw wizasyny hem düzedip, Russiýa gazanç üçin gidýändikleri barada maglumat beripdiler.

Wolodiniň pikiriçe, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugry bu nebit-gaz pudagydyr. Ol şol sanda täze ýataklary özleşdirmek boýunça energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegi hem teklip etdi. Emma ol Günbataryň rus energiýa serişdelerine girizen gadagançylyklarynyň çäginde, Türkmenistan bilen bu diýilýän hyzmatdaşlygyň nähili amal ediljekdigini aýdyňlaşdyrmady.

Türkmen habar serişdelerinde we Mejlisiň resmi websaýtynda Wolodiniň çykyşy getirilmeýär.

Mundan öň, rus resmisi özüniň türkmen kärdeşi bilen duşuşygynyň dowamynda Mejlisiň başlygyny Moskwa çagyrypdyr. Gülşat Mämmedowa bolsa, rus deputatlaryny Türkmenistanda geçjek parlament saýlawlarynda synçy bolmagy teklip edipdir, Wolodin hem munuň amal ediljekdigini tassyklapdyr.

Günbatar saýlaw synçylary Russiýada syýasy bäsdeşligiň tas ýok edilendigini, şeýle-de ses berişlikleriň häkimiýetiň başyndakylaryň haýryna galplaşdyrylýandygyny aýdýarlar. Abraýly halkara guramalary Türkmenistanda hem häzire çenli geçirilen saýlawlaryň hiç birini erkin we adalatly diýip ykrar etmediler.

Wolodin saparynyň dowamynda prezident Serdar Berdimuhamedow bilen hem duşuşdy.

Moskwanyň Ukrainadaky urşy sebäpli daşky dünýäden barha üzňeleşdirilmegi bilen, soňky aýlarda ýokary derejeli rus resmileriniň Aşgabada saparlary göz-görtele ýygjamlaşdy. Synçylar, girizilen halkara sanskiýalarynyň arasynda, Kremliň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýakyn gatnaşyklary, sebitde öz täsir güýjüni saklap galmaga ymtylýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi
Russiýanyň Döwlet Dumasynyň wekiliýeti resmi sapar bilen Aşgabada geldi
Serdar Berdimuhamedow ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
Serdar Berdimuhamedow Döwlet Dumasynyň Başlygy Wolodini kabul etdi, Russiýa Türkmenistanda geçiriljek parlament saýlawlaryna synçylary iberer, Turkish Airlines Türkmenbaşy Stambul Türkmenbaşy uçuşlary üçin petekleriň bahasyny arzanlatdy
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary