Ruslan Mingazowyň doly çykyş eden duşuşygynda Kitçi Wissel Kobeden asgyn geldi

Ruslan Mingazowyň doly çykyş eden duşuşygynda Kitçi Wissel Kobeden asgyn geldi

Türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazow Kitçiniň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ikinji duşuşygyna hem boýdan-başa gatnaşdy. Ol esasy düzümde meýdana girdi we duşuşyk tamamlanýança, başga futbolçy bilen çalşyrylmady.

Kitçi yklym ýaryşynyň 2-nji tapgyrynda Ýaponiýanyň Wissel Kobe topary bilen duşuşdy. Duşuşyk ýapon toparynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Wissel Kobeniň gollaryny 15-nji minutda Ýuta Goke, 85-nji minutda Sion Inoe geçirdi. Kitçi bu gollara Aleks Taýo Akandeniň 91-nji minutda geçiren goly bilen jogap berdi.

Şeýlelikde, ilkinji iki duşuşygynyň birinde ýeňiş gazanyp, birinde ýeňlen Kitçi 3 utuk bilen J toparçada ikinji orny eýeleýär.

Kitçi yklym ýaryşynda indiki duşuşygyny 28-nji aprelde Çiangraý Ýunaýted bilen geçirer.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýanyň Katar 2022-däki gutarnykly düzümi mälim boldy
Transfermarkt türkmen futbolçylarynyň bahasyny täzeledi
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
6-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Mingazow Gonkongyň ýyldyzlarynyň düzüminde Messä garşy ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşar
Mingazow milli ýygyndynyň martda geçirjek DÇ-2026 saýlama duşuşyklaryna gatnaşyp bilmez