Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Russiýa bilen günbataryň arasyndaky düşnüşmezlik hakynda durup geçmek isleýäris.
Russiýa bilen günbataryň arasynda dowam edýän dartgynlyk 2022-nji ýylyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryndan biri boljaga meňzeýär. 2022-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Ženewada Russiýa bilen ABŞ, 12-nji ýanwarda bolsa Brýusselde NATO bilen Russiýa, 13-nji ýanwarda Wenada Russiýa bilen ÝHHG-nyň maslahatlary geçirildi.
Emma islenýän netije alynyp bilinmedi.Meseläniň çuňlaşmagy sebäpli dürli ssenariler öňe sürülmäge başlandy. İndi mesele bilen bagly soňky günlerde bolup geçen wakalara ser salalyň.
Russiýanyň Goranmak ministrligi 14-nji ýanwarda harby goşunyň taýýarlyk derejesini kesgitlemek üçin duýdansyz türgenleşik başladandyklaryny habar berdi. Russiýa we Belarus fewral aýynyň 10-20-si aralygynda “Bileleşik yrarlylygy-2022” harby türgenleşigini geçirer. Aýratynam Belarusa 12 sany Su-35 awçy uçary, iki dwiziýa S-400 raketa goranyş ulgamy bilen Pantsir-S raketa ulgamynyň ornaşdyryljakdygy habar berildi.
18-nji ýanwarda Britaniýanyň Goranmak ministri Ben Wallas rus kärdeşi Sergeý Şoýguny Londona çagyrandygyny, saparyň birnäçe hepdäniň dowamynda guraljakdygyny aýtdy. Beýleki tarapdan birnäçe gün ozal Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu hem Ben Wallasa hat ugradyp, kärdeşine Moskwada duşuşmagy teklip etdi.
19-njy ýanwarda bir taraply garaşsyzlyk yglan eden Donesk we Lugansk Halk Respublikalaryny ykrar etmegi üçin Prezident Wladimir Putine çagyryş edýän karar taslamasy Kommunistik partiýanyň halk deputatlary tarapyndan döwlet Dumasyna hödürlendi.
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Russiýanyň “Ukraina çozuş etjekdigine ynanýandygyny” aýtdy, emma “kiçi bir basyp alyş” ssenarisinde NATO-nyň näme ediljekdigi boýunça ylalaşygyň bolmandygyny agzyndan sypdyrdy. Şol beýanat NATO-nyň agzalarynyň arasynda düşnüşmezlige sebäp boldy.
20-nji ýanwarda ABŞ-nyň döwlet Sekretary Antony Blinken Ýewropa saparyna çykdy. Blinken ilki Kiýewde duşuşyklar geçirdi. Russiýa harby operasiýasy guran halatynda ABŞ-nyň Ukraina goldaw berjekdigine söz beren Blinken, Russiýanyň Ukraina çozuşynyň her pursatda başlap biljekdigini beýan etdi. “BBJ-niň” “Hard Talk” gepleşiginde çykyş eden Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksii Reznikow Russiýanyň çozuşynyň “ähli ýeri gana bulajakdygyny” aýtdy.
Antony Blinken 21-nji ýanwarda Ženewada Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy. Duşuşyk garaşylýanyndan gysga geçdi. Blinken ýewropaly ýaranlary bilen duşuşyklaryny dowam etdirdi.
ABŞ-dan daşgary Kanada we Britaniýa Ukraina harby kömek ugratdylar. Çehiýa, Baltika döwletleri Ukraina harby kömek berjekdiklerini beýan etdiler.
Prezident R.T.Erdogan Russiýa we Ukraina bilen gowy gatnaşyklarynyň bardygyny, adybir ýurtlaryň arasynda töwellaçy bolup biljekdiklerini beýan etdi. Erdogan; “İndi golaýda Ukraina saparymyz bar. Beýleki tarapdan belki Hormatly Putin bilen telefon arkaly ýa-da Moskwada gepleşik geçirip bileris. Sebitde parahatçylygyň hökmürowanlydygyny isleýäris” diýdi.
Wakalardan görnüşine görä taraplar dürli göçümler edip, birek-biregiň kemçiligini tapmaga, birek-biregi ejizletmäge synanşýarlar. Bu şertlerde Türkiýäniň töwellaçylygy peýdaly bolsa gerek. Parahatçylygyň goralmagy üçin sebitde ýerleşýän ýurtlar anyk başlangyçlar etmeli, sebäbi wakalar Ukraina-Russiýa dartgynlygynyň kiçi göwrümli urşa tarap barýan ýaly görünýär.
