Russiýa, BMG-nyň Adam Huluklary Geňeşine Agzalykdan Çykaryldy

Russiýa, BMG-nyň Adam Huluklary Geňeşine Agzalykdan Çykaryldy

193 agzasly BMG-niň Baş Assambleýasy Ukrainada adam hukuklarynň gödek bozulmalary sebäpli Russiýanyň Adam hukuklary geňeşine agzalygynyň saklanmagy boýunça sese goýulşyk geçirdi.

Sese goýulşykda Russiýanyň Adam hukuklary geňeşinden çykarylmagyna 93 ýurt goldaw beren bolsa, 24 ýurt garşy durdy, 58 ýurt ses bermekden saklandy.

Ukrainanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik Wekili Sergiý Kyslysýa sese goýulşykdan öň eden çykyşynda Adam hukuklary geňeşini Titanige meňzedip, geňeşiň diňe Russiýanyň agzalygynyň saklanmagy bilen halas ediljekdigini aýtdy.

Russiýanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik Wekiliniň orunbasary Gennady Kuzmin bolsa BMG-na agza ýurtlara bu başlangyja garşy durmaklary üçin çagyryş edip; “Bize garşy esassyz günäkärlemeleri ret edýäris” diýdi.

BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň kararlary maslahat häsýetli bolup, kanuny güýji ýok.

Ýene degişli makalalar

Russiýa, BMG-nyň Adam Huluklary Geňeşine Agzalykdan Çykaryldy
Titanik gämisiniň ýolagçysynyň sagady 1,175 million funt sterlinge satyldy
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31...
Kristian Beýl iň oňat keşpleriň Di Kaprio hödürlenýändiginden nägile
iPhone üçin wiruslardan we bakteriýalardan saplanmaga ukyply çehol çykaryldy
110 ýyldan soňra surata düşürildi