2022-nji ýylyň 14-nji martynda Russiýa Federasiýasy Türkmenistandan ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Telegram kanalynyň sahypasynda habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Moskwa—Aşgabat—Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy Türkmenistan awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler.
Uçar gatnawy üçin awiapetekleriň satuwy Türkmenistan awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki hem-de welaýatlardaky bölümlerinde amala aşyrylar.
Nobatdaky ýörite uçuş Aşgabat wagty bilen 00:40-da (13-nji martdan 14-nji marta geçýän gije) amala aşyrylar.
Egerde ýörite uçar gatnawy bilen Moskwa uçmakçy bolýan ýolagçylaryň soňky duralgasy Moskwa şäheri bolmadyk ýagdaýynda, onda olar S7 awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasyndan özlerine gerekli gatnaw
boýunça awipetekleri satyn alyp bilerler. Habarlaşmak üçin şu aşakda görýän salgyňyza ýüz tutup bilersiňiz:
Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolynyň 174-nji jaýy. Telefon belgileri: +993 12 21-05-93 / +993 64 03-37-03).
Bilşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasy tarapyndan Moskwa—Aşgabat—Moskwa ugry boýunça howa gatnawy şu ýylyň 9-njy martynda amala aşyrylypdy.
Türkmenistanyň Russiýa we beýleki ýurtlar bilen yzygiderli gatnawlarynyň dünýäde ýüze çykan güýçli koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylandygyny bellemek gerek.
