Russiýa Iordaniýanyň Şasy Abdullah 2-njini Goldaýar

Russiýa Iordaniýanyň Şasy Abdullah 2-njini Goldaýar

Russiýa, Iordaniýada agdarlyşyk etmäge synanşandyklary sebäpli 20 adamyň saklanmagyndan soň Iordan şasy Abdullah 2-njiniň ýurtda durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallalaryna goldaw berýär.

Russiýanyn Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Moskwanyň, Iordaniýada durnuklylygy we howpsyzlygy bozmaga synanşylan wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandygy nygtaldy.

Beýannamada “Iordaniýanyň legal hökümetine we Şa Abdullah 2-njiniň ýurtda durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallalaryna goldaw berýäris” diýildi.

Iordaniýada 3-nji aprelde Şa Abdullah 2-nji häkimiýetden çetleşdirmäge synanşandygy sebäpli ýokary derejeli döwlet işgärleriniň saklanandygy habar berilipdi.

“Waşington Post” gazeti, Iordaniýada ýurduň durnuklylygyny bozmaga synanşandygy sebäpli” 20 adamyň saklanandygyny we Mirasdüşer şazada Hamza bin Hüseýiniň hem öýünde göz tussaglygynda saklanýandygyny öňe sürüpdi.

Şazada bin Hüseýin 1999-2004-nji ýyllaryň aralygynda Mirasdüşer Şazadalyk edipdi, emma soň şol wezipä Şa Abdullah 2-njiniň uly ogly Hüseýin bin Abdulla geçipdi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Iordaniýa sapary barada beýannama berdi
“Pakistan Bilen Eýranyň Arasyndaky Dartgynlygyň Möwjemegini Islemeýäris”
Kuweýdiň Emiri Kasam Edip Wezipesine Başlady
Daşary Işler Ministri Fidan Iordaniýada Saparda Bolar
Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar
Dünýä ýurtlary Gazada hassahana guralan hüjümi ýazgardylar
ABŞ-nyň Prezidenti Baýden Ertir Ysraýyla Gider