Hakan Fidan Iordaniýa sapary barada beýannama berdi

Hakan Fidan Iordaniýa sapary barada beýannama berdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan Iýerusalimdäki mukaddes ýerleriň howandary bolan Iordaniýa bilen maslahatlaşmaga ähmiýet berýändiklerini belläp: "Hyzmatdaşlygymyzy ähli ugurlarda has hem güýçlendirmek ugrunda umumy ygtyýara eýediris" diýip belledi.

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan X sosial media platformasyndan Iordaniýa guran saparynyň üstünde durup geçdi.

Hakan Fidan Iordaniýanyň paýtagty Amman şäherinde Şa II Abdullah tarapyndan kabul edilendigini, Şazada Hasan Bin Tallal we Iordaniýanyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Eýmen as-Safedi bilen gepleşikler geçirendigini habar berdi.

Durnukly gurluşy bilen Ýakyn Gündogar geosyýasatynda möhüm rol eýeleýän we Iýerusalimdäki mukaddes ýerleriň howandary bolan Iordaniýa bilen maslahatlaşmaga ähmiýet berýändiklerini belläp: "Hyzmatdaşlygymyzy ähli ugurlarda has hem güýçlendirmek ugrunda umumy ygtyýara eýediris" diýip nygtady.

Hakan Fidan Gazadaky gyrgynçylyklaryň bes edilmegi we palestinalylaryň hak eden özygtyýarlylyga we howpszlyga gowuşmagy üçin iordaniýaly kärdeşi bilen diplomatik başlangyçlaryny dowam etdirýändigini belläp: "Aslynda howp abanýan ýurduň Ysraýyl däl, gaýtdam tersine, palestinalylar we sebitdäki ýurtlardygy ýatdan çykarylmaly däldir. Eger hatarymyzy berk saklasak, bu ugurda netijeli ädimler edip bileris" diýip mälim etdi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan Iordaniýa myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Ysraýyla garşy birnäçe täze çäreleri görmek barada karara gelendikleirni aýtdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk resmiler Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýä gynanç bildirdiler
Hakan Fidan abş-ly kärdeşi Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy