Russiýa: "Kramatorskda Ukraina degişli bir MIG-29 harby uçaryny od açyp ýere gaçyrdyk" diýdi

Russiýa: "Kramatorskda Ukraina degişli bir MIG-29 harby uçaryny od açyp ýere gaçyrdyk" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Russiýanyň goşunynyň Ukraina söweşindäki hereketleri barada maglumat berdi.

Ukrainadaky hüjümleriň dowam edýändigini aýdan Igor Konaşenkow, soňky 1 günde howadan atylan ýokary takyk raketalar bilen 3 aýry ştab merkeziniň, harby birikmeleriň we tehniki ulaglaryň bir ýere jemlenen 36 nokadyň, Soledar ýaşaýyş zolagynyň golaýynda Ukrainanyň 14-nji Mehanizrlenen artilleriýa brigadasynyň, Donetskdäki Krasnyý Liman, Spornoýe, Nikolaýewka, Bahmut, Minkowka bilen aralarynda Razdolowkadaky ABŞ-nyň önümi bolan M-777 gaubisa üçin 155 mm ok-däri ammary bilen birlikde jemi 6 aýry ýarag ammarynyň ýok edilendigini habar berdi.

Rus söweşjeň taktiki birikmeleriň 2 ştab merkezini, 3 ok-däri ammaryny, 80 harby meýdany we Donetskdäki Pilipçatino diýilýän ýerde Buk-M1 howa goranyş ulgamynyň hatardan çykarylandygyny aýdan Konaşenkow, şol hüjümleriň netijesinde 210-dan gowrak ukrainaly milletçi güýjüň we 31 harby tehniki ulagyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi.

Igor Konaşenkow Russiýanyň Harby-howa güýçleriniň Kramatorsk şäheriniň golaýynda Ukraina degişli 1 sany MIG-29 harby uçaryň od açylyp ýere gaçyrylandygyny aýan etdi.

Raketa we artilleriýa birikmeleriniň 84 ştab merkez bilen 463 harby meýdana od açandygyny aýdan Konaşenkow, howa goranyş ulgamlary bilen Harkow we Herson welaýatlarynda Ukraina degişli 5 uçarmansyz howa ulagyny ýok edendigini beýan etdi.

Konaşenkow: "Ukraina degişli şu günki güne çenli 178 uçar, 125 dikuçar, 995 uçarmansyz howa ulagy, 320 howa goranyş raketa ulgamy, 3 müň 243 taňk we sowutly ulag, 425 köp nilli raketa ulgamy, 1658 gaubisa we minomýot, 3 müň 124 ýörite harby ulag hatardan çykaryldy" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Igor Konaşenkow Rus goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi
Konaşenkow Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada maglumat berdi
“Ukrainanyň Howa Güýçlerine Degişli 3 Sany Su-25 Kysymly Harby Uçary UrUp Düşürdük”
Russiýa Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi
Russiýanyň Goranmak Ministrligi Ukrainadaky Söweş Boýunça Beýannama berdi
Russiýa: "Ukraina degişli 1 SU-25 uçaryny we 1 MI-8 dikuçaryny od açyp ýere gaçyrdyk" diýdi