Russiýa: "Ukraina degişli 1 SU-25 uçaryny we 1 MI-8 dikuçaryny od açyp ýere gaçyrdyk" diýdi

Russiýa: "Ukraina degişli 1 SU-25 uçaryny we 1 MI-8 dikuçaryny od açyp ýere gaçyrdyk" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Ukrainadaky söweşde Russiýanyň goşunynyň hereketleri barada maglumat berdi.

Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Ukrainada hüjümlerini dowam etdirýändigini aýdan Konaşenkow, atylan ýokary takyk raketalar bilen Ukrainanyň goşunyna degişli 5 aýry Ştab merkezini, harby birikmeleri we tehniki ulaglar bolan jemi 29 nyşanany ýok edendiklerini beýan etdi.

Harby-howa söweşjeň taktiki birikmeleriň 61 harby desgany ýok edendigini aýdan Konaşenkow, şol hüjümleriň netijesinde 140-dan gowrak ukrainaly milliýetçi güýjüň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.

Russiýanyň howa goranyş ulgamlarynyň soňky 1 günde Donetsk sebitiniň Sergeýewki ýaşaýyş ýeriniň golaýynda Ukrainanyň Harby-howa güýçlerine degişli 1 sany SU-25 harby uçaryny we Harkow sebitinde MI-8 kysymly 1 sany dikuçary od açyp ýere gaçyrandygyny aýdan Konaşenkow, Donetsk, Harkow, Herson sebitlerinde Ukraina degişi 7 sany uçarmansyz howa ulagyny ýok edendiklerini belledi.

Konaşenkow: "Ukraina degişli şu günki güne çenli 185 uçar, 129 dikuçar, 1077 uçarmansyz howa ulagy, 326 howa goranyş ulgamy, 3 müň 363 taňk we sowutly ulag, 457 köp nilli raketa ulgamy, 1744 gaubisa we minomýot, 3 müň 329 ýörite harby ulag ýok edildi" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

“Ukrainanyň Howa Güýçlerine Degişli 3 Sany Su-25 Kysymly Harby Uçary UrUp Düşürdük”
Russiýa: "Kramatorskda Ukraina degişli bir MIG-29 harby uçaryny od açyp ýere gaçyrdyk" diýdi
Russiýa Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi
Russiýanyň Goranmak Ministrligi Ukrainadaky Söweş Boýunça Beýannama berdi
“Ukraina Degişli 2 Dolanşyk Merkezini Bombaladyk”
Konaşenkow Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada maglumat berdi