Igor Konaşenkow rus goşunlarynyň Ukrainadaky söweşde alyp barýan işleri hakynda maglumat berdi.
Rus esgerleriniň Azowstal metallurgiýa zawodunda ukrainly esgerleriň Azow diwiziýasyna degişli esgerleriň bukulan ýerasty gaçybatalgasynda izotermal ulag tapandyklaryny beýan eden Konaşenkow; “Sowadyş ulgamy işlemeýän ýapyk ulagyň içinde ukrain goşunlaryna degişli 152 esgeriň we söweşijiniň jesedi gizlenipdir” diýdi.
Şol frigorifik ulagyň rus esgerleri tarapyndan geçirilen barlagyň dowamynda ukrain esgerleriniň jesetleriniň aşagyna goýulan 4 minanyň tapylandygyny aýdan Konaşenkow, şol minalaryň ulagdaky jesetleriň ähli delillerinin ýok etjek derejededigine ünsi çekdi.
Soňky bir günde howa güjümleriniň netijesinde 290 ukrain esgerini we 23 harby ulagy täsirsiz ýagdaýa getirendiklerini aýdan İgor Konaşenkow; “24-nji fewraldan bäri Ukraina degişli 184 tank, 128 dik uçar, 1070 uçarmansyz howa ulagy, 325 howa goranyş raketa ulgamy, 3,342 tank we sowutly ulag, 454 raketa atyş ulgamy,1738 gaubisa we top, 3,311 hususy harby ulag ýok edildi” diýdi.
