Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat sekretary Igor Konaşenkow, Ukrainadaky söweşde rus goşunynyň hereketleri barada beýannama berdi.
Donbass sebitinde Ukrainanyň goşunynyň uly mukdarda harby, ýarag we enjam ýitgisini çekendigini aýdan Igor Konaşenkow, diňe Swýatogosrk şäherindäki çaknyşyklarda ukrainaly milletçi toparlara agza 300-den gowrak esgeriň öldürilendigini, 6 taňkyň, 15 sowutly ulagyň, 36 artilleriýa batareýasynyň we minomýodyň, 4 sany Grad görnüşli köp nilli raketa ulgamynyň we 20-den gowrak ýörite harby ulagyň ýok edilendigini mälim etdi.
Igor Konaşenkow, howadan atylan ýokary takyk raketalar bilen Harkow şäherinde Ukrainanyň goşunyna degişli taňklaryň we sowutly ulaglaryň abatlanýan fabrigi nyşana alyp hüjüm gurandyklaryny habar berdi.
Donetsk, Harkow we Herson welaýatlarynyň tapawutly ýerlerinde Ukraina degişli 11 uçarmansyz howa ulagyny hatardan çykarandyklaryny aýdan Konaşenkow, raketa we artilleriýa birikmeleriniň bolsa 68 ştab merkeziniň, 172 artilleriýa pozisiýasynyň we 261 harby desganyň ýok edilendigini aýan etdi.
Konaşenkow Ukraina degişli şu günki güne çenli 192 uçaryň, 130 dikuçaryň, 1150 uçarmansyz howa ulagynyň, 335 howa goranyş raketa ulgamynyň, 3 müň 459 taňkyň we sowutly ulagyň, 489 köp nilli raketa ulgamynyň, 1822 gaubisanyň we minomýodyň, 3 müň 488 ýörite harby ulagyň hatardan çykarylandygyny beýan etdi.
