
Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Rossiýa-1 telewideniýe kanalyna beren interwýusynda, Ukrainada dowam edýän söweş barada maglumat berdi.
"Kinžal" gipersonik raketalaryny Ukrainada ulanandyklaryny aýdan Sergeý Şoýgu: "Kinžal biziň ýörite harby operasiýamyzda 3 gezek ulanyldy we 3 gezegem ajaýyp derejede öndürijilik görkezdi" diýip beýan etdi.
Dünýäde şol raketanyň aýratynlyklaryna eýe bolan başga bir raketanyň bolmandygyny aýdan Şoýgu, raketanyň örän tiz we täsirli aýratynlyklara eýedigini belledi.
Şoýgu şol raketalaryň Ukrainada möhüm nyşanalara garşy ulanylandygyny aýtdy.
Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Ukrainada 5-nji nesil Su-57 harby uçarlaryň hem ulanylandygyny belläp: "Ukrainada Su-57 uçarlaryny ulandyk we ulanmaga dowam edýäris. Şol uçar ajaýyp mümkinçiliklerini görkezdi. Uçaryň tapawutly howa goranyş ulgamlaryna garşy ýokary derejede goragy bar, raketalara garşy hem goragy bar" diýip habar berdi.