Russiýa Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine raketalar bilen hüjüm gurady

Russiýa Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine raketalar bilen hüjüm gurady

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň häkimi Witaliý Kliçko, şäheriň Dniprowsko we Darnitskiý etrapçalaryna Russiýanyň goşuny tarapyndan raketalar bilen hüjümler guralandygyny mälim etdi.

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň häkimi Witaliý Kliçko, Telegram hasabyndan beren beýanatynda, şäheriň Dniprowsko we Darnitskiý etrapçalarynyň infrastrukturasynyň Russiýanyň harby güýçleri tarapyndan bombalanandygyny aýan etdi.

Witaliý Kliçko: "Şäheriň infrastrukturasyna garşy raketalar bilen guralan hüjümde adam ýitgileri çekilmedi. Ýaralanan 1 adam hassahana ýatyryldy" diýip habar berdi.

Hüjüm guralan ýerleriň girişleri Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýapyldy.

Ýene degişli makalalar

Kiýewe Rus Goşuny Tarapyndan Howa Hüjümi Guraldy
Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär
Ukraina Güne Partlamalar Bilen Oýandy
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Ukrainanyň paýtagty Kiýewde raketaly hüjümler guraldy
Rus Goşunynyň Düýn Ukraina Guran Hüjüminde 6 Adam Ýogaldy