Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde partlama boldy

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde partlama boldy

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde binalaryň biriniň girelgesinde bolan partlamada Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Radiasiýa, himiýa we biologiki goranyş güýçleriniň serkerdesi Igor Kirillowyň we orunbasarynyň ýogalandygy habar berildi.

Russiýanyň Derňew komitetinden berilen ýazmaça beýanatda, Moskwadaky Rýazan köçesindäki ýaşaýyş binalaryň biriniň girelgesinde partlamanyň bolandygy mälim edildi.

Partlamanyň elde ýasalan partlaýjy sebäpli bolandygy aýdylýan beýanatda, Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Radiasiýa, himiýa we biologiki goranyş güýçleriniň serkerdesi Igor Kirillowyň we orunbasarynyň ýogalandygy aýan edildi.

Beýanatda waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygy beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Rus generaly Igor Krillowy öldürdi, Moskowa ar aljakdygyna kasam etdi
Rus serkerdäniň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümiň jogapkärdigi güman edilýän adam tussag edildi
Kreml: ABŞ bilen Ukraina boýunça geçirlen gepleşikler peýdaly, emma uly gapma-garşylyklar bar
ABŞ BAE-de rus we ukrain resmileri bilen gizlin gepleşikler geçirýär
Zelenskiý Russiýany urşy uzaltmaga synanyşmakda aýyplady we howpsuzlyk kepilliklerini talap etdi
Ukraina Floridada netijeli gepleşikler geçirdi