Russiýanyň Ukrainadaky hüjümleri dowam edýär

Russiýanyň Ukrainadaky hüjümleri dowam edýär

Kiýew şäheriniň harby edarasyndan berilen ýazmaça beýanatda, Russiýanyň goşunynyň maý aýynda Kiýew şäherine eýýäm 8-nji gezek howa hüjümini gurandygy habar berildi.

Russiýanyň harby güýçleriniň şu gün irden Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine raketalar we uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler gurandygy bellenen beýanatda: "Kiýewiň howa giňişligindäki duşmana degişli nyşanalaryň aglabasy anyklanyp täsirsiz ýagdaýa getirildi. Raketalaryň sany we görnüşleri bilen baglanşykly maglumatlar ýurduň Harby-howa güýçleri tarapyndan mälim ediler" diýip aýan edildi.

Telegram hasabyndan beýannama beren Kiýew şäheriniň häkimi Witaliý Kliçko, Russiýanyň harby güýçleri tarapyndan şähere guralan hüjümleriň netijesinde partlamalaryň bolandygyny habar berdi.

Solomýansk, Şewçenkiwskiý, Darnytskiý we Obolonskiý etrapçalaryna raketalaryň we uçarmansyz howa ulaglarynyň bölekleriniň gaçandygyny aýdan Witaliý Kliçko, Solomýanskda 3 adamyň ýaralanandygyny, Darnytskiýde bolsa asuda ilata degişli 2 ulagyň ýanandygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Ukrainanyň paýtagty Kiýewde partlamalar boldy
Kiýewde 32 Sagat Köçä Çykmak Gadagan Edildi
Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär
Russiýa Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine raketalar bilen hüjüm gurady
Ukraina Güne Partlamalar Bilen Oýandy
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär