S.Berdimuhamedow daýhanlara döwlet bahasyndan goşmaça ýangyç satmagy buýurdy

S.Berdimuhamedow daýhanlara döwlet bahasyndan goşmaça ýangyç satmagy buýurdy

18-nji iýulda Serdar Berdimuhamedow ASP-na gözegçilik edýän wise-premýer Annageldi Ýazmyradow we welaýat ýolbaşçylary bilen iş mejlisini geçirdi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy habar berýär.

Ähli sebitleriň ýolbaşçylary däne we ýeralma hasylynyň ýygnalyşy, şeýlede pagta idegi barasynda hasabat berdiler.

Ýazmyradow 2022-nji ýylda Türkmenistanyň içki sarp edijileri üçin nebit önümleriniň möçberine düzedişler we üýtgetmeler girizmek baradaky kararyň taslamasy boýunça aýratynlykda hasabat berdi.

Resminama laýyklykda, ýer paýlanyp berilen daýhan birleşiklerine we haryt öndürijilere goşmaça goldawlar bermek göz öňünde tutulýar. Munuň üçin olaryň tehnikasyna zerur dizel ýangyjyny tassyklanan bahadan bermek tabşyryldy we bu bol hasyl ýetişdirmäge kömek eder.

Mundan başgada, welaýatlaryň ýolbaşçylaryna möwsümleýin oba hojalyk kampaniýalarynyň depginini güýçlendirmek buýruldy.The post S.Berdimuhamedow daýhanlara döwlet bahasyndan goşmaça ýangyç satmagy buýurdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Reňkler döwürleriň dessany atly sergi gurnaldy
'Erksiz' emeldarlaryň täzelenmegi uzaga çeken oba meselesini çözermi?
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Togsana ser uran sungat mekdebi
NOWRUZ ÖWÜŞGINLERI