“Şagadam” ikinji orna çykdy

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli çempionatynda 17-nji tapgyrda 3 duşuşyk geçirildi. “Ahal” bilen “Nebitçiniň” arasyndaky oýunda hasap açylmady.Bu deňlikden soň, 1 oýny kem “Ahal” 3-nji orna düşdi. 2-nji basgançaga beýgelen “Şagadam” öz meýdançasynda “Aşgabatdan” 2-1 üstün çykdy.

Myhmanlar 8-nji minutda Şatlyk Gurbanowyň goly bilen öňe saýlandylar. Ýöne soňky 3 minutda 2 gol geçiren “Şagadam” 3-nji aýlawdaky ilkinji ýeňşini gazandy.Kenarýaka şäheriniň futbol toparyna ýeňiş getiren gollary 87-nji minutda Daýanç Orazgulyýew bilen 89-njy minutda Baýramgeldi Nurlyýew derwezä girizdi. “Merw” bilen “Köpetdagyň” arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan bolmady.

Paýtagtlylar 24-nji minutda Baýramgeldi Gulmaýewiň goly bilen hasaby açdy. 2-nji ýarymyň başynda, has takygy, 46-njy minutda “Merw” Annageldi Weliýewiň goly bilen hasaby deňlemegi başardy. “Energetik” bilen “Altyn asyryň” duşuşygy 23-nji oktýabra geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
TÝL. Merdan Saparow karýerasyny tamamlady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda