SAGDYN BOLAÝYN DIÝSEŇIZ

SAGDYN BOLAÝYN DIÝSEŇIZ

Keselleriň öňüni almak sagdyn bolmaklygyň esasy şertidir.Magtymguly atamyzyň: Saglygyň gadryn bilgil, hasta bolmastan burun diýip belleýşi ýaly, keselleri bejermekden onuň öňüni almak has möhümdir.Möwsümleýin ýokançlaryň öňüni almakda öňüni alyş çärelerini pugta berjaý etmek bedeniň kesele garşy durnuklylygyny has ýokarlandyrýar.

Kesele garşy durnuklylygyňy ýokarlandyrmak üçin kadaly iýmitlenmek möhümdir, iýmitde gök önümler we miweler agdyklyk etmeli, maşklary ýerine ýetirmek, elmydama hereketde bolmak, günüň dowamynda ýeterlik derejede arassa agyz suwuny içmek, ýeterlik ukyňy almak, möwsüme görä geýinmek we zyýanly endiklerden daşda durmak zerur bolup durýar. Ýokanç kesellerden goranmak üçin şahsy arassaçylyk düzgünlerini pugta berjaý etmeli.

Eliňi elmydama sabyn bilen gowy edip ýuwmaly, asgyrmaklygyň we üsgürmekligiň medeniýetini saklamaly, ýagny asgyranyňda we üsgüreniňde agzyňy, burnuňy eliň aýasy bilen ýapman, tirsegiň ýa-da elýaglyk bilen ýapmaly.Köpçülik ýerlerine baranyňda gapynyň tutawajyny mümkin boldugyça ellemeli däl ýa-da soňra zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen eliňi arassalamaly.

Howada tozanjyklaryň kadadan agdyklyk edýändigini göz öňünde tutup, lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak örän zerurdyr.Agyz-burun örtüklerini iki sagatdan artyk dakynmaly däl, çalyşmaly we ýörite gaba salyp agzyny beklemeli.

Eger-de köp gezek ulanylýan agyz-burun örtügi bolsa, öýe geleniňden soň gowy edip hojalyk sabyny bilen ýuwmaly we gyzgyn ütük bilen ütüklemeli. Öýde we işde otaglaryň howasyny çalşyp, çygly arassalaýyş işlerini geçirip durmaly.

Düzüminde hlor bolan arassalaýyş serişdeleri ulanylsa, ýokançlaryň öňüni almakda has-da peýdaly bolar.Howpsuz 2 metr aralygy saklamaly.Liftiň düwmejigini basanyňyzda, gapyny açanyňyzda mümkin boldugyça barmagyň arka ýüzüni ulanmaly.

Keselleriň öňüni almak, kesele garşy bedeniň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin melhem çaýlary, güneşli ülkämiziň bereketli topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleri — buýan köküni, itburuny, çopantelpegi, üzärligi lukman bilen maslahatlaşyp ulanmaly.Bu ösümlikleriň ulanylyşy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda giňişleýin beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen raýatlaryň sagdyn bolmagy üçin döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Şol döredilýän mümkinçiliklerden dogry peýdalanyp, her birimiz özümiziň we maşgalamyzyň sagdyn bolmagy üçin keseliň öňüni alyş çärelerini doly we dogry berjaý etsek, möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni alyp bileris.

Goý, ildeşlerimiziň sagdyn bolmaklary, eşretli, abadan durmuşda ýaşamaklary babatda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!Aýsona Allaberenowa

Ýene degişli makalalar

Agyz ýaralaryna we ýaralara tebigy çözgüt teklipleri
Ähli taraplaýyn glutation
Täsin inženerçilik desgasy Bailong açyk dag lifti
Ýüzlerçe alym gol ýygnady: Emeli intellekti duruzyň
Alymlar emeli intellekt modelleriniň özgerdilmegindäki bäsdeşligiň howplar barada duýduryş berdiler
Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynda aýyň iň gowy oýunçysy saýlanyldy
Berhiz lukmany her gün iýmeli däl önümleri sanady