Täsin inženerçilik desgasy Bailong açyk dag lifti

Hytaýyň Hunan welaýatyndaky Çžanszýasze milli tokaý seýilgähinde ýerleşýän Bailong (aždarha lifti) dünýädäki iň beýik iki gatly açyk lift hasaplanýar.Gurluşygyna 1999-njy ýylda başlanan täsin inženerçilik desgasy 2002-nji ýylda açylýar.

Liftiň beýikligi 326 metr bolup, örän berk gaýalaryň arasynda ajaýyp görnüşi emele getirýär.Bu desganyň gurluşygynda, esasan, metal gurluşlar, polat urgan hem-de aýna ulanylýar.Lifte gerek bolan enjamlar Rangger Lift nemes kompaniýasy tarapyndan taslanylýar we öndürilýär.

Bailong liftinde daş-töweregiň tebigatyny we täsinliklerini synlamaga mümkinçilik berýän üç sany lift ugurdaş hereket edýär.Iki gatly liftleriň ýük göterijiligi 4 müň 900 kilogram bolup, hersi birbada 50 ýolagçyny gatnadyp bilýär.

Adatça bu beýiklige erkin ýagdaýda çykmak üçin 68 minut gerek bolýar, emma lift 32 sekuntda syýahatçylary barmaly ýerine eltýär.Bilermenleriň bellemegine görä, Bailong lifti birnäçe kynçylygy aradan aýryp, jahankeşdelere amatly mümkinçilikleri döredýär. Şeýle hem dagda gurlan bu inženerçilik desgasy daşky gurşawyň goralyp saklanmagy üçin hem möhümdir. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Bailong 2015-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň beýik açyk lifti hökmünde ykrar edilýär.

Ýene degişli makalalar

Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy
Ýankompýuterlerini tanyşdyrdy
Ýüzlerçe alym gol ýygnady: Emeli intellekti duruzyň
Alymlar emeli intellekt modelleriniň özgerdilmegindäki bäsdeşligiň howplar barada duýduryş berdiler
Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynda aýyň iň gowy oýunçysy saýlanyldy
Berhiz lukmany her gün iýmeli däl önümleri sanady