Parahat ýurdumyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri, köpçülikleýin sport çäreleri, söhbetdeşlikler giňden gurnalýar.Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi hem “Bütindünýä welosiped güni” mynasybetli “Sagdyn durmuşynsan bezegidir” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda hem ägirt uly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýänligi, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek, köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni has-da rowaçlandyrmak boýunça asylly işler durmuşa geçirilýändigi hakynda nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe- sagaldyş hereketini ösdürmek, sagdyn bedenli ýaş nesilleri taýýarlamak bilen baglanşykly işler amala aşyrylýar diýip, çykyş edenler uly buýsanç bilen söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
