Sagdyn durmuş ýörelgesi - uzak ömrüň göreldesi

Sagdyn durmuş ýörelgesi - uzak ömrüň göreldesi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inženertehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Sagdyn durmuş ýörelgesi - uzak ömrüň göreldesi ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bütindünýä saglyk güni täze mazmunly ýörelgeler bilen rowaçlanýadygy, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri işjeň ornaşdyrylýandygy barada belläp geçdiler.Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygy, ýaş nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy barada alada edilip, häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýänligi, ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän iri sport toplumlary, stadionlary, sport mekdepleri gurulandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda halkyny bagtyýar durmuşa alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Bedew - türkmen üçin bagtyň başydyr
Çagalar üçin Ertekiler dünýäsi atly täze kitap çapdan çykdy
AŞGABATDA GEÇIRILJEK HALKARA HOKKEÝ ÝARYŞYNA BAGYŞLANAN MEDIAFORUM
Saglyk bagtyýarlygyň gözbaşy
Maryda welosipedli ýörişiň maddy çykdajylary ýene býujetçileriň “gerdenine ýüklendi”
Pars edebiýatynyň dünýä meşhur wekili Saady Şiraza bagyşlanan çäre geçirildi